Şu Kanun oýlap tapyşlaryň hukuk goragy we ulanylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Pariž konwensiýasy — 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda Stokgolm şäherinde gaýtadan gözden geçirilen we 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda düzedilen, 1883-nji ýylyň 20-nji martyndaky senagat eýeçiligini goramak boýunça Pariž konwensiýasy;
2) Patent bileleşmesi baradaky şertnama (PCT) — 1979-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda düzedilen we 1984-nji ýylyň 3-nji fewralynda üýtgedilen, 1970-nji ýylyň 19-njy iýunyndaky Patent bileleşmesi hakyndaky şertnama (PCT — Patent Cooperation Treaty);
3) halkara deslapky seljerme edarasy — pudak edarasy, ol Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň (IEBG) Halkara býurosy bilen Ylalaşygyň esasynda Patent bileleşmesi baradaky şertnama (PCT) laýyklykda halkara deslapky seljermäniň wezipelerini ýerine ýetirýär;
4) Ýewraziýa patent konwensiýasy — 1995-nji ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren oýlap tapyşlary goramak boýunça Ýewraziýa patent konwensiýasy;
5) senagat eýeçiliginiň obýektleri — şu Kanun üçin ulanarlykly — oýlap tapyş;
6) oýlap tapyş — oýlap tapyş derejesi we senagat taýdan ulanarlykly bolan, täze bolup durýan wezipäniň tehniki çözgüdi;
7) Türkmenpatent — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi boýunça Döwlet gullugy;
8) şahs — ýuridik ýa-da fiziki şahs;
9) haýyşnamaçy — haýyşnamany beren we patenti ýa-da çäklendirilen patenti almaga dalaş edýän şahs;
10) haýyşnama — patenti ýa-da çäklendirilen patenti almak üçin gerek bolan resminamalaryň jemi;
11) aýratyn edilen haýyşnama — ilkibaşdaky haýyşnamada oýlap tapyşyň bitewülik talaplarynyň bozulandygy sebäpli, haýyşnamaçynyň öz başlangyjy ýa-da seljermaniň talaby boýunça şol bir haýyşnamaçynyň öňki oýlap tapyşa haýyşnamasynyň Türkmenpatente berlen gaýtalanýan bölegi;
12) birinji haýyşnama — berlen senesinden konwension ilkinjilik bellenilýän Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna berlen haýyşnama;
13) konwension haýyşnama — konwension ilkinjiligi soralýan haýyşnama;
14) halkara haýyşnama — Patent bileleşmesi hakyndaky şertnama (PCT) laýyklykda berlen haýyşnama;
15) ýewraziýa haýyşnamasy — Ýewraziýa patent konwensiýasyna laýyklykda berlen haýyşnama;
16) oýlap tapyşyň ilkinjiligi — haýyşnama bermegi amala aşyrmakda wagt taýdan birinjilik;
17) konwension ilkinjilik — Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna birinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilen oýlap tapyşyň ilkinjiligi;
18) oýlap tapyşyň formulasy — oýlap tapyşyň mazmunyny we hukuk goragynyň möçberini kesgitleýän alamatlarynyň jemi. Oýlap tapyşyň formulasy patentlemegiň garaşsyz obýektlerini beýan edýän garaşsyz bentlerden we garaşsyz bentlerde getirilen jemiň ösüşini we (ýa-da) takyklygyny özünde saklaýan garaşly bentlerden ybarat bolup biler;
19) patent ýa-da çäklendirilen patent — patent eýesiniň oýlap tapyşa bolan ilkinjiligini, awtorlygyny we aýratyn hukugyny tassyklaýan Türkmenistanyň gorag resminamasy;
20) patent eýesi — patentlenen oýlap tapyşa bolan aýratyn hukuga eýelik edýän patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň eýesi;
21) gulluk oýlap tapyşy — işgär tarapyndan öz gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň belli bir tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda döredilen oýlap tapyş;
22) patenti ýa-da çäklendirilen patenti başga birine bermek — patentiň eýesi tarapyndan oýlap tapyş üçin hukuklaryň şertnamanyň esasynda başga şahsa berilmegi;
23) oýlap tapyş üçin ygtyýarnama (mundan beýläk ‒ ygtyýarnama) — patent eýesi tarapyndan ygtyýarnama şertnamasy boýunça başga şahsa berlen oýlap tapyşy peýdalanmaga bolan rugsat;
24) Býulleten — Türkmenistanda bellige alnan oýlap tapyşlar we oýlap tapyş üçin patentleri we çäklendirilen patentleri almak üçin berlen haýyşnamalar hakyndaky maglumatlary çap etmek üçin niýetlenen Türkmenpatentiň resmi döwürleýin neşiri;
25) kontrafakt (bikanun) harytlar — patentlenen oýlap tapyşyň bikanun ulanylýan harytlary;
26) patent ynamdarlary — Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, Türkmenpatentde hünär synagyndan geçirilen we bellige alnan hem-de senagat eýeçiliginiň obýektleri üçin hukuklary edinmekde we goramakda fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine professional esasda wekilçilik edýän Türkmenistanyň raýaty;
27) Apellýasiýa topary — awtorlaryň, haýyşnamaçylaryň we patent eýeleriniň hukuklaryny goramak, şeýle hem bu toparyň ygtyýaryna girýän beýleki meseleler bilen baglanyşykly jedelleriň kazyýete çenli garalmagyny goşup, bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar hakynda arzalara garamak üçin Türkmenpatentiň ýanynda döredilen topar.
2-nji madda. Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy
Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
3-nji madda. Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirmesi
1. Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenpatent amala aşyrýar.
2. Türkmenpatent öz ygtyýaryna laýyklykda:
1) oýlap tapyş üçin haýyşnamalary garamak üçin kabul edýär, olar boýunça seljerme geçirýär;
2) oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawyny ýöredýär;
3) Türkmenistanyň patentlerini we çäklendirilen patentlerini berýär;
4) ygtyýarnama şertnamalaryny we oýlap tapyşlary bermek hakyndaky şertnamalary bellige alýar;
5) oýlap tapyşlaryň bellige alnyşyna üýtgetmeler girizýär;
6) Býulleteni neşir edýär;
7) oýlap tapyşlaryň hukuk goragy babatda bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar hakynda gyzyklanýan şahslaryň garşylyklaryna garaýar;
8) senagat eýeçiliginiň obýektleriniň hukuk goragy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek we halkara şertnamalaryny baglaşmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;
9) patent ynamdarlarynyň hünär synagyny we bellige alnyşyny geçirýär.
3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenpatente berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde senagat eýeçiliginiň obýektleriniň hukuk goragynyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistan tarapyndan öz üstüne alnan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
4. Gyzyklanýan şahslar Türkmenpatent bilen gös-göni, wekilleriň, şeýle hem şu Kanunyň 43-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan düzgünleri hasaba almak bilen Türkmenpatentde bellige alnan patent ynamdarlarynyň üsti bilen Türkmenpatent bilen iş alyp barmaga haklydyrlar.
Wekiliň ýa-da patent ynamdarlarynyň ygtyýarlyklary ynanç haty bilen tassyklanylýar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan patent ynamdarlarynyň hünär synagynyň we bellige alnyşynyň tertibi kesgitlenilýär.
4-nji madda. Oýlap tapyşlary döretmegiň we peýdalanmagyň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi
Ylmy-tehniki progresi ösdürmek, Türkmenistanyň intellektual mümkinçiligini pugtalandyrmak we tehniki döredijiligiň ösdürilmegine ýardam etmek maksady bilen döwlet patent eýelerine we ygtyýarnama şertnamasy boýunça oýlap tapyşy peýdalanýan şahslara, şeýle hem oýlap tapyş üçin hukuklary almaga we goragyna ýardam edýän şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikleri berýär.
II BAP. OÝLAP TAPYŞLARYŇ HUKUK GORAGYNYŇ ESASLARY
5-nji madda. Oýlap tapyşlaryň hukuk goragynyň möçberi
1. Oýlap tapyşa bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar we patent ýa-da çäklendirilen patent bilen tassyklanylýar.
Patent patent seljermesi geçirilenden we oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alnandan soň berilýär.
Çäklendirilen patent patent seljermesi geçirilenden we oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alnandan soň berilýär.
Oýlap tapyşa bolan aýratyn hukuk oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda ol bellige alnandan we patent ýa-da çäklendirilen patent berlenden soň ýüze çykýar.
2. Patent ýa-da çäklendirilen patent bilen berilýän hukuk goragynyň möçberi oýlap tapyşyň formulasy bilen kesgitlenilýär. Oýlap tapyşyň beýany we çyzgylar oýlap tapyşyň formulasyny düşündirmek üçin peýdalanylýar.
3. Gizlin diýlip ykrar edilen oýlap tapyşlaryň hukuk goragy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär.
4. Haýyşnama hakyndaky maglumatlaryň çap edilen senesinden oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alnan senesine çenli berlen oýlap tapyşa wagtlaýyn hukuk goragy berilýär.
Wagtlaýyn hukuk goragynyň hereket edýän döwründe haýyşnama berlen oýlap tapyşy ulanýan şahs patent ýa-da çäklendirilen patent alandan soň patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň eýesine öwez puluny töleýär, onuň möçberi taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär.
Eger patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilse, wagtlaýyn hukuk goragy aralaşmadyk diýlip hasap edilýär.
5. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereket ediş möhleti gutarandan ýa-da möhletinden öň bes edilenden soň oýlap tapyş jemgyýetçilik emlägine geçýär.
Jemgyýetçilik emlägine geçen oýlap tapyş haýsydyr bir razylyk ýa-da rugsat bolmazdan we peýdalanylandygy üçin töleg tölenmezden islendik şahs tarapyndan erkin peýdalanylyp bilner.
6-njy madda. Patentiň we çäklendirilen patentiň hereket ediş möhletleri
1. Patent oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden ýigrimi ýylyň içinde we patentiň hereketiniň her bir ýyly üçin bellenilen paç tölenen şertinde hereket edýär.
2. Çäklendirilen patent oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden on ýylyň içinde we çäklendirilen patentiň hereketiniň her bir ýyly üçin bellenilen paç tölenen şertinde hereket edýär.
3. Çäklendirilen patentiň ýa-da patentiň hereket ediş ýyllarynda pajy tölemek üçin bellenilen pajy tölemek şertinde alty aý ýeňillikli möhlet berilýär.
4. Haýyşnamanyň senesi diýlip patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky arzany, onuň beýanyny we çyzgylaryny özünde saklaýan haýyşnamanyň Türkmenpatente gelip gowşan senesi, eger olara beýanda salgylanma bolsa ýa-da eger görkezilen resminamalar dürli wagtda berilse, ýokarda sanalyp geçilen resminamalardan soňkusynyň gelip gowşan senesi hasap edilýär.
7-nji madda. Oýlap tapyşyň patente ukyplylygynyň şertleri
1. Eger-de oýlap tapyş hökmünde haýyşnama edilen tehniki çözgüt täze, oýlap tapyş derejesi bar bolup we senagat taýdan ulanarlykly bolsa, onda oňa hukuk goragy berilýär.
Eger-de oýlap tapyş öňden belli bolan tehnikanyň derejesiniň bir bölegi bolup durmaýan bolsa, ol täze diýlip ykrar edilýär.
Eger-de oýlap tapyş hünärmen üçin tehnikanyň derejesinden aýdyň gelip çykmaýan bolsa, onda ol oýlap tapyşlyk derejesine eýedir.
Tehnikanyň derejesi oýlap tapyşyň ilkinjilik senesine çenli dünýäde umumy elýeter bolan islendik maglumatlary öz içine alýar.
Oýlap tapyşyň täzeligi kesgitlenende tehnikanyň derejesine Türkmenistanda patentlenen oýlap tapyşlar we beýleki şahslaryň oýlap tapyşlar üçin has irki ilkinjilik bilen Türkmenpatente beren haýyşnamalary hem goşulýar.
Eger oýlap tapyş adamlaryň işiniň dürli pudaklarynda iş ýüzünde peýdalanylyp bilinse, onda ol senagat taýdan ulanarlykly bolup durýar.
2. Eger haýyşnama maglumatyň aýan edilen senesinden alty aýdan gijä galman Türkmenpatente berilse, onda awtor, haýyşnamaçy ýa-da bu maglumaty ondan göni ýa-da gytaklaýyn alan islendik şahs tarapyndan oýlap tapyşa degişli maglumatyň aýan edilip, oýlap tapyşyň düýp manysy hakyndaky maglumatlar umumy elýeter bolanda, ol oýlap tapyşyň patente ukyplylygyny ykrar etmäge päsgel berýän ýagdaý diýlip ykrar edilmeýär. Şunda bu fakty subut etmek borjy haýyşnamaçynyň üstüne düşýär.
3. Enjam, usul, madda, mikroorganizmiň ştammy, ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjüklerini barlaghanalarda ýetişdirmek we beýleki tehniki çözgütler, şeýle hem olaryň täze maksatlar üçin ulanylmagy oýlap tapyşa degişli obýekt bolup durýar.
4. Şular oýlap tapyşlar diýip hasap edilmeýär:
1) açyşlar, ylmy nazaryýetler we matematiki usullar;
2) hojalygy guramagyň we dolandyrmagyň usullary;
3) şertli belgiler, tertipler, kadalar;
4) akyl amallaryny ýerine ýetirmegiň usullary;
5) hasaplaýjy maşynlar üçin algoritmler we programmalar;
6) desgalary, jaýlary, çäkleri meýilleşdirmegiň taslamalary we çyzgylary;
7) öndürilen önümleriň estetik talaplary kanagatlandyrmaga gönükdirilen diňe daşky görnüşine degişli çözgütler;
8) integral mikroshemalaryň topologiýalary;
9) ösümlikleriň sortlary we haýwanlaryň tohumlary;
10) jemgyýetçilik bähbitlerine, ynsanperwerligiň we ahlak kadalarynyň ýörelgelerine gapma-garşy gelýän, daşky gurşawa zyýan ýetirýän çözgütler.
Oýlap tapyşyň düzüminde hasaplaýjy maşynlar üçin algoritmleriň we programmalaryň bolmagy, eger-de olar oýlap tapyşyň bir bölegi bolup durýan bolsa, oýlap tapyşyň patentlik ukybyna täsir edýän ýagdaý diýlip ykrar edilmeýär.
III BAP. AWTORLAR WE PATENT EÝELERI
8-nji madda. Oýlap tapyşyň awtory
1. Döredijilikli zähmeti bilen oýlap tapyşy döreden fiziki şahs onuň awtory diýlip ykrar edilýär.
2. Eger oýlap tapyşyň döredilmegine birnäçe fiziki şahslar gatnaşsa, olaryň hemmesi onuň şärikli awtorlary hasap edilýär. Şärikli awtorlara degişli hukuklary peýdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär.
Oýlap tapyşyň döredilmegine öz döredijilik goşandyny goşmadyk, awtora diňe tehniki, guramaçylyk ýa-da maddy taýdan kömek eden ýa-da oňa hukuklary resmileşdirmäge we ony peýdalanmaga ýardam eden fiziki şahs awtor diýlip ykrar edilmeýär.
3. Awtorlyk hukugy aýrybaşgalanmaýan şahsy hukukdyr we möhletsiz goralýar.
9-njy madda. Patente ýa-da çäklendirilen patente bolan hukuk
1. Patente ýa-da çäklendirilen patente hukuk aşakdakylara degişlidir:
1) oýlap tapyşyň awtoryna (şärikli awtorlaryna) ýa-da onuň (olaryň) hukuk oruntutaryna (hukuk oruntutarlaryna);
2) şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda iş berijä ýa-da onuň hukuk oruntutaryna.
2. Öz gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň anyk hukuk taýdan resmileşdirilen tabşyrygyny (gulluk oýlap tapyşy) ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly işgär tarapyndan döredilen oýlap tapyş üçin patenti ýa-da çäklendirilen patenti almaga bolan hukuk, eger iş beriji bilen işgäriň arasyndaky şertnama bilen başga zat göz öňünde tutulmasa, iş berijä degişlidir.
Eger iş beriji döredilen oýlap tapyş hakynda onuň awtory tarapyndan habar berlen seneden dört aýyň içinde Türkmenpatente haýyşnama bermese ýa-da degişli obýekti gizlin saklamak hakynda awtora resmi taýdan habar bermese, onda patenti ýa-da çäklendirilen patenti almaga bolan hukuk awtora geçýär. Şu ýagdaýda iş beriji ylalaşyk esasynda kesgitlenilýän öwez puluny patent eýesine tölemek bilen oýlap tapyşy öz önümçiliginde peýdalanmak hukugyna eýedir.
10-njy madda. Awtoryň tölege bolan hukugy
1. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti almaga degişli hukugy bolmadyk gulluk oýlap tapyşyň awtory olaryň arasyndaky ylalaşygyň esasynda kesgitlenilýän möçberde we şertlerde tölenilýän tölegi iş berijiden almak hukugyna eýedir.
2. Tölegi ýa-da öwez puluny tölemegiň möçberi we tertibi hakynda taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmasa, jedel kazyýet tertibinde garalýar.
3. Ylalaşyk bilen kesgitlenilen tölegiň ýa-da öwez pulunyň öz wagtynda tölenilmändigi üçin günäkär iş beriji şunda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
4. Şärikli awtorlaryň arasynda oýlap tapyşyň peýdalanylandygy üçin tölegi paýlamak olaryň arasyndaky şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
IV BAP. OÝLAP TAPYŞ ÜÇIN AÝRATYN HUKUK
11-nji madda. Patent eýesiniň hukuklary
1. Patent eýesi patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmakda, şeýle hem başga şahslara peýdalanmaga rugsat bermekde ýa-da peýdalanmagy gadagan etmekde aýratyn hukuga eýelik edýär.
Şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda hiç kimiň patentiň eýesiniň aýratyn hukugyny bozýan hereketleri amala aşyrmaga, şeýle hem onuň rugsady bolmazdan, patentlenen oýlap tapyşy ulanmaga haky ýokdur.
2. Patent eýesi patente ýa-da çäklendirilen patente bolan hukugy şertnama boýunça başga şahsa berip biler ýa-da patent ýa-da çäklendirilen patent bilen goralýan oýlap tapyşy peýdalanmak üçin ygtyýarnamany berip biler.
3. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň eýeleriniň arasynda oýlap tapyşy peýdalanmak boýunça özara gatnaşyklar olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda olaryň her biri patentlenen oýlap tapyşy öz islegine görä peýdalanyp biler, ýöne galan eýeleriň razylygy bolmazdan oňa ygtyýarnamany bermäge ýa-da başga şahsa patenti bermäge haky ýokdur.
Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň eýeleriniň arasynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da patente ýa-da çäklendirilen patente bolan hukugy bermek hakynda ylalaşyk gazanylmasa, jedel kazyýet tertibinde çözülip bilner.
4. Eger patent eýesi başga patent eýesiniň hukuklaryny bozmazdan patentlenen oýlap tapyşy peýdalanyp bilmese, ol beýleki patent eýesinden ygtyýarnama şertnamasynyň baglaşylmagyny talap edip biler.
5. Özara baglanyşykly patentleriň we çäklendirilen patentleriň eýeleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar olaryň arasyndaky ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmak bilen düzgünleşdirilýär. Özara baglanyşykly patentleriň we çäklendirilen patentleriň eýeleriniň arasynda ylalaşyk gazanylmasa şu Kanunyň 31-nji maddasynyň düzgünleri ulanylýar.
6. Patent ýa-da çäklendirilen patent we ony almaga bolan hukuk miras boýunça geçýär.
12-nji madda. Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýän hereketler
Aşakdaky hereketler patent eýesiniň oýlap tapyşa bolan aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär:
1) patentlenen oýlap tapyşyň peýdalanylmagy;
2) patentlenen oýlap tapyşyň ulanylan önüminiň taýýarlanylmagy, ulanylmagy, getirilmegi, satmak üçin teklip edilmegi, satylmagy we hojalyk dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da bu maksat bilen saklanylmagy;
3) patent ýa-da çäklendirilen patent bilen goralýan, gös-göni usul bilen alnan önümiň taýýarlanylmagy, ulanylmagy, getirilmegi, satmak üçin teklip edilmegi, satylmagy we hojalyk dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da bu maksat bilen saklanylmagy. Şunda täze önüm tersine subutnamalar bolmasa, patentlenen usul bilen alnan diýlip hasap edilýär;
4) niýetlenilişine laýyklykda işlände (ulanylanda) patentlenen usul awtomatik amala aşyrylýan enjamyň taýýarlanylmagy, ulanylmagy, getirilmegi, satmak üçin teklip edilmegi, satylmagy we hojalyk dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da bu maksat bilen saklanylmagy;
5) patentlenen usuly amala aşyrmak ýa-da ony ulanmak üçin teklip etmek;
6) ýokarda ýatlanylan hereketleri amala aşyrmaga üçünji şahslary gönükdirmek.
13-nji madda. Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýän hereketler
Şular patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär:
1) patentlenen oýlap tapyş ulanylan önümiň ýa-da öndürilen önümiň konstruksiýada, kömekçi enjamda ýa-da görkezilen ulag serişdeleri Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn ýa-da tötänleýin bolan we görkezilen önüm ýa-da öndürilen önüm ulag serişdesiniň hajatlary üçin ulanylan ýagdaýynda daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleri (suw, howa, awtomobil, demir ýol ulagy we kosmos tehnikasy) ulanylanda peýdalanylmagy. Şeýle hereketler Türkmenistanda bellige alnan ulag serişdeleri babatda şeýle hukuklary berýän daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleri babatda patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär;
2) patentlenen oýlap tapyşyň peýdalanylan önüminiň, usulynyň ýa-da öndürilen önümiň üstünde ylmy barlagyň ýa-da synagyň geçirilmegi;
3) patent eýesine bir aý möhletde habar bermek we soňra oňa deňölçegli öwez puluny tölemek bilen adatdan daşary ýagdaýlarda (tebigy betbagtçylyklar, katastrofalar, awariýalar) patentlenen oýlap tapyşyň peýdalanylmagy;
4) eger şeýle peýdalanmagyň maksady peýda (girdeji) almak bolmasa, patentlenen oýlap tapyşyň şahsy, maşgala, öý ýa-da telekeçilik işi bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki hajatlary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmagy;
5) patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmak bilen lukmanlaryň derman hatlary boýunça dermanhanada derman serişdeleriniň bir gezeklik taýýarlanylmagy;
6) eger bu önüm ýa-da öndürilen önüm patent eýesi ýa-da patent eýesiniň rugsady bilen Türkmenistanyň çäginde başga şahs tarapyndan öň raýat dolanyşygyna girizilen bolsa, patentlenen oýlap tapyş ulanylan önümiň peýdalanylmagy, satmak üçin hödürlenilmegi, satylmagy, raýat dolanyşygyna başga hili girizilmegi ýa-da bu maksatlar üçin saklanylmagy.
14-nji madda. Öňden ulanmak hukugy
1. Oýlap tapyşyň ilkinjilik senesine çenli onuň awtoryndan özbaşdak döredilen meňzeş çözgüdi Türkmenistanyň çäginde päk ýürekli peýdalanan ýa-da munuň üçin zerur taýýarlygy eden islendik şahs şeýle peýdalanmagyň möçberini giňeltmezden ony mundan beýläk muzdsuz peýdalanmak hukugyny saklaýar.
2. Öňden ulanmak hukugy diňe meňzeş çözgüdiň peýdalanylan ýa-da munuň üçin zerur taýýarlygyň edilen önümçiligi bilen bilelikde başga şahsa berlip bilner.
15-nji madda. Oýlap tapyşyň ulanylyşy
1. Oýlap tapyşyň ulanylmagy diýlip patentlenen oýlap tapyşy ulanmak bilen taýýarlanan önümiň (öndürilen önümiň) hojalyk dolanyşygyna girizilmegi, şeýle hem patent ýa-da çäklendirilen patent bilen goralýan usulyň ulanylmagy ykrar edilýär.
2. Eger-de önüm oýlap tapyşyň formulasynyň garaşsyz bendinde getirilen alamatlaryny ýa-da oňa ekwiwalent alamaty saklasa, usulda bolsa onuň her bir alamatlary ýa-da oňa ekwiwalent alamat ulanylan bolsa, onda oýlap tapyş önümde ýa-da usulda peýdalanylan diýlip ykrar edilýär.
3. Eger patentlenen oýlap tapyş peýdalanylanda özara baglanyşykly başga patentlenen oýlap tapyşyň garaşsyz bendinde getirilen alamatlary hem ulanylsa, beýleki özara baglanyşykly oýlap tapyş hem peýdalanylan diýlip ykrar edilýär.
4. Patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmak isleýän islendik şahs patent eýesi bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmaga borçludyr.
V BAP. PATENTI WE ÇÄKLENDIRILEN PATENTI ALMAK
16-njy madda. Haýyşnamanyň berlişi
1. Haýyşnama Türkmenpatente berilýär. Haýyşnamaçy hökmünde oýlap tapyşyň awtory (şärikli awtorlary), iş beriji ýa-da olaryň hukuk oruntutarlary çykyş edip biler.
2. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmegi hakyndaky haýyşnama döwlet dilinde berilýär. Haýyşnamanyň beýleki resminamalary olaryň döwlet dilindäki terjimesini goşmak bilen başga dilde berlip bilner.
Başga dilde berlen resminamalar, eger olaryň terjimesi haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde gelip gowuşsa, olaryň Türkmenpatente gelip gowşan senesinde berlen diýlip hasap edilýär.
Eger agzalan terjime haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde berilmese, bellenilen möhlet degişli paç tölenen şertinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça üç aý uzaldylyp bilner.
Terjime bellenilen möhletlerde berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär.
17-nji madda. Haýyşnamanyň düzümi
1. Haýyşnama bir oýlap tapyşa ýa-da özara baglanyşykly ýeke-täk oýlap tapyş mazmunyny döredýän oýlap tapyşlaryň toparyna degişli bolmalydyr, ýagny oýlap tapyşyň bitewüliginiň talabyny kanagatlandyrýan bolmalydyr.
2. Haýyşnama aşakdakylary özünde saklamalydyr:
1) oýlap tapyşyň awtoryny (şärikli awtorlaryny) we adyna patent ýa-da çäklendirilen patent soralýan şahsy (şahslary), şeýle hem onuň (olaryň) ýaşaýan ýerini ýa-da bolýan ýerini görkezmek bilen oýlap tapyş üçin Türkmenistanyň gorag resminamasynyň berilmegi hakyndaky arzany;
2) bilimleriň degişli pudagynda hünärmen tarapyndan ony amala aşyrmak üçin oýlap tapyşy dolulygy, ýeterlikligi bilen açyp görkezýän onuň beýanyny;
3) dolulygyna beýana esaslanyp, onuň düýp manysyny aňladýan we gorag berilmegi soralýan hukuklaryň möçberini kesgitleýän oýlap tapyşyň formulasyny;
4) eger oýlap tapyşyň düýp manysyna düşünmek üçin zerur bolsa, çyzgylary we beýleki materiallary;
5) oýlap tapyşyň düýp mazmunynyň gysgaça beýanyny özünde saklaýan referaty.
Eger-de haýyşnama haýyşnamaçynyň wekili ýa-da patent ynamdary tarapyndan berilse, onda haýyşnama ynanç haty, şeýle hem bellenilen möçberde pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama ýa-da paç tölemekden boşatmak ýa-da onuň möçberini azaltmak ýa-da onuň töleginiň möhletini uzaltmak üçin esasy tassyklaýan resminama goşulýar.
Haýyşnama goşulýan resminamalar haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde Türkmenpatente berilmelidir.
Eger agzalan resminamalar haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde berilmese, bellenilen möhlet degişli paç tölenen şertinde arza berijiniň towakganamasy boýunça üç aýa çenli uzaldylyp bilner.
Resminamalar bellenilen möhletlerde berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär.
3. Konwension ilkinjilik soralanda onuň Türkmenpatente gelen senesinden dört aýdan gijä galman berilýän birinji haýyşnamanyň tassyklanan göçürme nusgasy bolmalydyr. Eger-de birinji haýyşnamanyň sany birnäçe bolsa, onda bu haýyşnamalaryň ählisiniň göçürme nusgalary goşulýar. Halkara haýyşnamasy Türkmenpatente berlende birinji haýyşnamanyň tassyklanan nusgasynyň berilmegi talap edilmeýär.
Konwension haýyşnama birinji haýyşnamanyň berlen senesinden on iki aýdan gijä galman Türkmenpatente berilmelidir.
Konwension ilkinjiligi bellemek hakyndaky towakganama haýyşnamanyň berlen wagty ýa-da Türkmenpatente haýyşnamanyň berlen senesinden üç aýyň içinde berlip bilner.
4. Haýyşnamanyň resminamalaryna bolan talaplar Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.
18-nji madda. Oýlap tapyşyň ilkinjiligi
1. Oýlap tapyşyň ilkinjiligi oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesi boýunça bellenilýär.
2. Ilkinjilik şu Kanunyň 17-nji maddasynyň üçünji bölegi bilen bellenilen düzgünler ýerine ýetirilen şertinde Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwlete birinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilip bilner.
3. Eger-de olar haýyşnamaçy tarapyndan özbaşdak haýyşnama hökmünde resmileşdirilip, edilen çözgüdiň mazmunyny üýtgedýän diýip ykrar edilmegi bilen baglylykda, Türkmenpatentiň goşmaça maglumatlary üns merkezine almak mümkin däldigi baradaky habarnamanyň iberilen senesinden üç aý möhletiň dowamynda berlen ýagdaýynda ilkinjilik goşmaça maglumatlaryň gelen senesi boýunça bellenilip bilner.
4. Eger şeýle ilkinjilik soralýan haýyşnama has irki haýyşnamanyň berlen senesinden on iki aýdan gijä galman berilse we eger irki berlen haýyşnama boýunça has irki ilkinjilik soralmasa, ilkinjilik oýlap tapyşy açýan şol bir arza berijiniň has irki haýyşnamasynyň Türkmenpatente gelip gowşan senesi boýunça bellenilip bilner. Şunda has irki haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär.
5. Aýratyn edilen haýyşnama boýunça ilkinjilik, eger aýratyn edilen haýyşnama onuň şikaýat etmek mümkinçilikleri gutarmadyk ilkinji haýyşnama boýunça patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine çenli berilse, oýlap tapyşyň düýp manysyny açýan, oýlap tapyş üçin irki haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesi boýunça bellenilýär, görkezilen haýyşnama boýunça patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakynda çözgüt kabul edilen mahalynda bolsa oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda oýlap tapyşyň bellige alnan senesine çenli bellenilýär.
6. Eger meňzeş oýlap tapyşlaryň ilkinjiliginiň şol bir senesiniň bardygy anyklanylsa, onda patent ýa-da çäklendirilen patent onuň Türkmenpatente berlen has irki sene bilen iberilendigi subut edilen haýyşnamasy boýunça, bu seneler gabat gelende bolsa — Türkmenpatentiň has irki bellige alyş belgisi bolan haýyşnama boýunça berilýär.
19-njy madda. Oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi
1. Haýyşnamaçy bu haýyşnama boýunça patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky çözgüdiň ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine çenli oýlap tapyşyň düýp manysyny üýtgetmezden düzedişleri we takyklamalary haýyşnamanyň resminamalaryna girizmek hukugyna eýedir.
Goşmaça maglumatlar, eger olar oýlap tapyşyň formulasyna girizilmäge degişli we haýyşnamanyň berlen senesinde oýlap tapyşyň beýanynda bolmadyk alamatlary özünde saklasa, haýyş edilen oýlap tapyşyň düýp manysyny üýtgedýär diýip hasap edilýär.
2. Haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeleriň girizilendigi üçin bellenen paç alynýar. Eger haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeler onuň berlen senesinden üç aýyň içinde haýyşnamaçynyň başlangyjy boýunça girizilse, şeýle üýtgetmeleriň girizilendigi üçin paç alynmaýar.
20-nji madda. Oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň seljermesi
Türkmenpatent oýlap tapyş üçin haýyşnama boýunça formal seljermesini, çäklendirilen patent seljermesini, patent seljermesini geçirýär.
21-nji madda. Formal seljerme
1. Formal seljerme şu Kanunyň 17-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalar bolanda haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden üç aý geçenden soň geçirilýär.
Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça formal seljerme görkezilen möhlet geçmänkä hem başlanyp bilner. Bu ýagdaýda haýyşnamaçy haýyşnamanyň berlen pursadyndan şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan haýyşnamanyň resminamalaryna öz islegi boýunça paç tölemezden üýtgetmeler girizmek hukugyndan mahrum bolýar.
2. Formal seljerme bir aý möhletde geçirilýär we aşakdakylaryň barlagyny öz içine alýar:
1) zerur resminamalaryň bolmagyny we olar üçin bellenilen talaplaryň berjaý edilmegini;
2) haýyşnama berlen tehniki çözgüdiň hukuk goragy berilýän obýektlere laýyk gelşini;
3) oýlap tapyşyň bitewülik talaplarynyň berjaý edilmegini;
4) oýlap tapyşyň klassifikasiýasynyň Halkara patent klassifikasiýasy boýunça dogrulygyny;
5) ilkinjilik soralmagynyň hukuga laýyk gelşiniň we tertibiniň berjaý edilmegini.
Eger-de haýyşnama formal seljermäniň talaplaryna laýyk gelse, onda haýyşnamaça ony bermegiň bellenilen senesini görkezmek bilen haýyşnamanyň garamak üçin kabul edilendigi hakynda habarnama iberilýär.
Haýyşnama berlen tehniki çözgüt hukuk goragy berilýän obýektlere laýyk gelmedik mahalynda ýa-da bellenilen möhletlerde zerur takyklamalar girizilmese ýa-da haýyşnamanyň gelip gowşan senesinde bolmadyk resminamalar berilmese, haýyşnamaça bu haýyşnamany garamak üçin kabul etmekden ýüz döndermek hakynda habarnama iberilýär.
3. Haýyşnamanyň berlen senesinden alty aý geçenden soň ýa-da eger ilkinjilik soralsa, ilkinjiligiň senesinden Türkmenpatent Býulletende haýyşnama hakyndaky maglumatlary çap edýär, haçanda haýyşnamanyň yzyna alnan ýa-da ol boýunça patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmegi hakyndaky ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilen halatlary muňa degişli däldir. Çap edilýän maglumatlaryň möçberi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.
Formal seljerme tamamlanandan soň haýyşnama hakyndaky maglumatlar bellenen paç tölenen şertinde bellenilen möhletleriň gutarmagyna çenli çap edilip bilner. Degişli towakganama haýyşnamanyň garamak üçin kabul edilendigi hakynda habarnamanyň iberilen senesinden üç aýyň içinde haýyşnamaçy tarapyndan Türkmenpatente berlip bilner. Şu ýagdaýda Türkmenpatent haýyşnama hakyndaky maglumatlary Býulleteniň nobatdaky sanynda çap edýär.
Oýlap tapyşyň awtory haýyşnama hakyndaky çap edilýän maglumatlarda öz adynyň tutulmagyndan ýüz döndermek hukugyna eýedir.
Şu Kanunyň 5-nji maddasynyň dördünji böleginiň hereketi çap edilen haýyşnama degişlidir.
4. Onuň resminamalaryna bolan talaplary bozmak bilen resmileşdirilen haýyşnama boýunça onuň iberilen senesinden üç aýyň içinde düzedilen ýa-da ýetmeýän resminamalary bermek teklibi bilen haýyşnamaça delillendiriji talap iberilýär.
Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça bellenilen möhlet degişli paç tölenen şertinde alty aý uzaldylyp bilner.
Eger haýyşnamaçy bellenilen möhletde soralýan resminamalary ýa-da ony uzaltmak hakyndaky towakganamany bermese, Türkmenpatent bellenilen möhletiň geçendigi hakyndaky habarnamany haýyşnamaça iberýär.
Soralan resminamalary bermek üçin duşdan geçirilen möhlet degişli paç tölenen şertinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner.
Duşdan geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky towakganama soralýan resminamalary goşmak bilen bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan gijä galman haýyşnamaçy tarapyndan berilmelidir.
Möhleti dikeltmek hakyndaky towakganama alty aýyň içinde berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär, bu hakynda haýyşnamaça habar berilýär.
5. Oýlap tapyşyň bitewülik talabynyň bozulmagy bilen berlen haýyşnama boýunça haýyşnamaça oňa degişli habarnamanyň iberilen senesinden üç aý möhletde haýyş edilen oýlap tapyşlaryň haýsysyna garalmalydygyny we zerur mahalynda ilkibaşdaky haýyşnamanyň materiallaryna üýtgetmeleriň girizilmelidigini habar bermek teklip edilýär. Beýleki haýyş edilen oýlap tapyşlar aýratyn haýyşnamalar bilen resmileşdirilip bilner.
Eger-de haýyşnamaçy bellenilen möhletiň içinde haýyşnama edilen oýlap tapyşlaryň haýsysyna garamalydygyny habar bermese we eger zerur bolanda degişli resminamalary getirmese, oýlap tapyşyň formulasynda birinji bolup görkezilen oýlap tapyşa garalýar.
22-nji madda. Çäklendirilen patent seljermesi
1. Formal seljermesini geçen haýyşnamalar boýunça çäklendirilen patent seljermesi geçirilýär.
Çäklendirilen patent seljermesi Türkmenpatente arza berlenden on sekiz aý geçenden soň geçirilýär we aşakdakylary öz içine alýar:
1) şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen haýyşnama edilen oýlap tapyşyň patente ukyplylyk şertine laýyklygynyň goşmaça barlagyny;
2) haýyşnamaçy tarapyndan berlen oýlap tapyş formulasynyň bellenilen talaplara laýyklygynyň barlagyny;
3) goşmaça maglumatlaryň bellenilen talaplara laýyklygynyň barlagyny;
4) Türkmenistanyň patentlerini ýa-da çäklendirilen patentlerini, gorag resminamalaryny almak üçin Türkmenpatente berlen haýyşnamalary, şeýle hem garalýan haýyşnamany bermegiň senesine garanda has irki sene bilen berlen ýewraziýa haýyşnamalaryny we ýewraziýa patentlerini öz içine alýan tehnikanyň derejesi babatda haýyş edilen oýlap tapyşyň barlagyny.
2. Türkmenpatent çäklendirilen patent seljermesiniň barşynda bu seljermäni geçirmek üçin gerek bolan goşmaça maglumatlary haýyşnamaçydan talap etmäge haklydyr.
Şu Kanunyň 21-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplary goşmaça maglumatlary bermegiň möhletlerine degişlidir.
Çäklendirilen patent seljermesiniň barşynda haýyşnamaçynyň başlangyjy boýunça ýa-da seljermäniň talaby boýunça berlen goşmaça maglumatlaryň haýyş edilen oýlap tapyşyň düýp manysyny üýtgetmeýändikleri barlanylýar.
Haýyşnama garalanda goşmaça maglumatlaryň oýlap tapyşyň mazmunyny üýtgedýän bölegi üns merkezine alynmaýar we olar haýyşnamaçy tarapyndan özbaşdak haýyşnama hökmünde resmileşdirilip bilner, bu barada haýyşnamaça habar berilýär.
3. Eger çäklendirilen patent seljermesiniň netijesinde Türkmenpatent haýyşnama edilen oýlap tapyşyň bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini anyklasa, haýyşnamaça habarnamada getirilen oýlap tapyşyň formulasy babatda öz pikirini üç aý möhletiň içinde bermek teklibi bilen çäklendirilen patenti bermäge taýýardygy hakynda habarnama iberilýär. Haýyşnamaçynyň pikiri çäklendirilen patenti bermek hakyndaky çözgüt çykarylanda göz öňünde tutulýar.
Seljermäniň habarnamasynda getirilen oýlap tapyşyň formulasy bilen haýyşnamaçy ylalaşan mahalynda ýa-da habarnama jogapsyz galdyrylanda seljermäniň beýan edilişi boýunça oýlap tapyşyň formulasy bilen çäklendirilen patenti bermek hakynda çözgüt çykarylýar.
Çözgüt bir aýyň dowamynda haýyşnamaçynyň oýlap tapyşyň formulasy babatda öz pikirini aýtmak üçin bellenilen möhlet geçenden soň çykarylýar.
4. Patent almak niýeti dörände, haýyşnamaçy çäklendirilen patent bermäge taýýardyklary barada iberilen habarnamany alan senesinden üç aý möhletiň dowamynda onuň berilmegini togtatmak barada towakganama bermelidir. Bu ýagdaýda haýyşnama boýunça işler patent seljermesini geçirmek barada towakganama berilýänçä togtadylýar.
Patent seljermesini geçirmek baradaky towakganama oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň berlen senesinden bäş ýylyň dowamynda berilmelidir. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda bellenilen möhletiň gutaran senesinden başlap alty aýdan soň Türkmenpatent çäklendirilen patent seljermesiniň netijeleri boýunça çäklendirilen patent bermek barada çözgüt çykarýar.
5. Eger çäklendirilen patent seljermesiniň barşynda haýyşnama edilen oýlap tapyşyň patente ukyplylygyň şertlerine laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylsa, haýyşnamaça çözgüdiň kabul edilmegine çenli habarnamada getirilen esaslandyrmalar babatda öz pikirlerini (delillendirmelerini) bermek teklibi bilen çäklendirilen patenti bermek mümkinçiliginden ýüz döndermek hakynda habarnama iberilýär.
Eger-de haýyşnamaçynyň pikirleri habarnama iberilen senesinden üç aýyň dowamynda Türkmenpatente berlen bolsa, olar çäklendirilen patenti bermezlik ýa-da bermek barada çözgüt çykarylanda göz öňünde tutulýar. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça jogap bermek üçin bellenilen möhlet degişli paç tölenen şertinde alty aý uzaldylyp bilner.
23-nji madda. Patent seljermesi
1. Oňyn netijeli çäklendirilen patent seljermesini geçen haýyşnamalar boýunça patentiň berilmegi hakynda towakganama bolanda şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilen talaplaryň berjaý edilmegini hasaba almak bilen patent seljermesi geçirilýär. Patent seljermesini geçirmek hakyndaky towakganama haýyşnamanyň berlen senesinden bäş ýylyň içinde berilmelidir.
2. Patent seljermesiniň barşynda haýyş edilen oýlap tapyşyň şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen patent ukyplylygynyň şertlerine laýyk gelşi barlanylýar. Patent seljermesi haýyşnamaçy tarapyndan patent seljermesini geçirmek hakynda towakganama berlenden soň we haýyşnamaçy tarapyndan berlen oýlap tapyşa berlen haýyşnamanyň patente ukyplylygynyň subutnamalary esasynda geçirilýär.
Haýyşnama edilen oýlap tapyşyň patente ukyplylygyny tassyklaýan subutnamalar hökmünde haýyşnamaçy halkara deslapky seljerme edaralarynyň biriniň haýyş edilen oýlap tapyşyň patente ukyplylygynyň netijenamasynyň nusgasyny patent seljermesini geçirmek hakyndaky towakganama goşmalydyr.
Oýlap tapyşyň patente ukyplylygyny tassyklaýan resminamalar hökmünde halkara deslapky seljerme edaralarynyň biri tarapyndan geçirilen seljermäniň netijesinde parallel haýyşnama boýunça ony bermek hakynda çözgüdiň ýa-da patentiň nusgalary hem berlip bilner.
Patent seljermesini geçirmek hakyndaky towakganama pajyň tölenenligi hakynda resminama goşulmalydyr.
Oýlap tapyşyň patente ukyplylygynyň berlen subutnamalaryna patent seljermesini geçirmek hakyndaky towakganamanyň gelip gowşan senesinden üç aý möhletde garalýar.
3. Patent seljermesini geçirmegiň barşynda seljermäni geçirmek üçin gerek bolan goşmaça maglumatlary Türkmenpatentiň haýyşnamaçydan talap etmäge haky bardyr. Şu Kanunyň 21-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplary goşmaça maglumatlara degişlidir.
4. Eger Türkmenpatent patent seljermesiniň netijesinde haýyşnama edilen oýlap tapyşyň bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini anyklasa, haýyşnamaça habarnamada getirilen oýlap tapyşyň formulasy babatda öz pikirini üç aý möhletiň içinde bermek teklibi bilen patenti bermäge çözgüdi çykarmagyň taýýarlygy hakyndaky habarnamany iberýär. Haýyşnamaçynyň pikiri patentiň berilmegi hakyndaky çözgüt çykarylanda göz öňünde tutulýar.
Haýyşnamaçy seljermäniň habarnamasynda getirilen oýlap tapyşyň formulasy bilen ylalaşan mahalynda ýa-da habarnama jogapsyz galdyrylanda seljermäniň beýanyndaky oýlap tapyşyň formulasy bilen patenti bermek hakynda çözgüt çykarylýar.

5. Eger patent seljermesiniň barşynda haýyşnama edilen oýlap tapyşyň patente ukyplylygyň şertlerine laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylsa, onda şu Kanunyň 22-nji maddasynyň bäşinji böleginiň düzgünleri ulanylýar.
6. Islendik gyzyklanýan şahs paç tölemek şertinde seljermäniň çözgüdiniň çykarylmagyna çenli patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmek mümkinçiliginiň garşysyna esaslandyrylan garşylygyny Türkmenpatente berip biler. Haýyşnamaça garşylygyň gelip gowşandygy hakynda habar berilýär.
24-nji madda. Çäklendirilen patentiň özgerdilmegi
1. Eger-de oýlap tapyş şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen patente ukyplylygyň şertlerine jogap berse, çäklendirilen patent patent eýesiniň towakganamasy boýunça patente özgerdilip bilner.
Özgertmek hakyndaky towakganama çäklendirilen patentiň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli berlip bilner.
Patente ukyplylygyň şertlerine oýlap tapyşyň laýyklygyny barlamak şu Kanunyň 23-nji maddasynyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.
2. Eger-de barlagyň netijesinde Türkmenpatent oýlap tapyşyň patente ukyplylygyň şertlerine laýyk gelýändigini anyklasa, onda habarnamada getirilen oýlap tapyşyň formulasy babatda öz pikirini üç aý möhletiň içinde bermek teklibi bilen çäklendirilen patenti özgertmäge taýýardygy hakynda patentiň eýesine habarnama iberilýär. Patent eýesiniň pikiri çäklendirilen patenti özgertmek hakynda çözgüt çykarylanda göz öňünde tutulýar.
Patent eýesi seljermäniň habarnamasynda getirilen oýlap tapyşyň formulasy bilen razy bolan ýa-da habarnama jogapsyz galdyrylan mahalynda seljermäniň beýanynda formula bilen çäklendirilen patenti özgertmek hakynda çözgüt çykarylýar.
Çözgüt bellenilen möhlet gutarandan soň bir aýyň içinde çykarylýar.
3. Eger barlagyň netijesinde oýlap tapyşyň patente ukyplylygyň şertlerine laýyk gelmeýändigi anyklanylsa, onda çäklendirilen patenti özgertmekden ýüz döndermek hakynda we onuň hereketini möhletinden öň bes etmek hakynda çözgüt çykarylýar.
25-nji madda. Oýlap tapyş üçin haýyşnama boýunça seljermäniň çözgüdine şikaýat edilmegi we duşdan geçirilen möhletleriň dikeldilmegi
1. Haýyşnamaçy formal, çäklendirilen patent ýa-da patent seljermesiniň çözgüdi bilen razy bolmadyk ýagdaýynda çözgüdiň iberilen senesinden üç aýyň içinde garşylygyny Apellýasiýa toparyna bermäge haklydyr. Garşylyk onuň alnan senesinden dört aý möhletde garalmalydyr. Garşylyga garamagyň möhleti garşylygy beren şahsyň arzasy boýunça uzaldylyp bilner, ýöne ol ilkibaşda bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan köp bolmaly däldir.
Apellýasiýalara garamagyň tertibi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.
Haýyşnamaçy Apellýasiýa toparynyň çözgüdine onuň tassyklanan senesinden alty aýyň içinde kazyýetde şikaýat etmäge haklydyr.
2. Seljermäniň talaby boýunça resminamalary ýa-da goşmaça maglumatlary bermegiň haýyşnamaçy tarapyndan duşdan geçirilen möhleti, patent seljermesini geçirmek hakynda towakganamany bermegiň möhleti, çäklendirilen patenti özgertmek hakynda towakganamany bermegiň möhleti, seljermäniň çözgüdine bolan garşylygy bermegiň möhleti dikeldilip bilner. Duşdan geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky towakganama degişli paç tölenen şertinde bellenilen möhletiň gutaran senesinden alty aýdan gijä galman haýyşnamaçy tarapyndan Türkmenpatente berlip bilner.
26-njy madda. Oýlap tapyşyň bellige alynmagy we bellige alnyşa üýtgetmeleriň girizilmegi
1. Bellige alynýandygy we patent ýa-da çäklendirilen patent berilýändigi üçin paç tölenendigi barada, şeýle hem haýyşnamanyň berlen birinji ýylyndan başlap oýlap tapyşyň bellige alnan ýyly boýunça patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketi üçin ýyllyk paçlarynyň tölenendigi hakynda resminama alnandan soň Türkmenpatent oýlap tapyşy oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alýar.
Pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama haýyşnamaçy tarapyndan patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmegi baradaky çözgüdiň iberilen senesinden üç aý möhletiň içinde berilmelidir. Oýlap tapyşy bellige almak pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama alnandan soň iki aýyň dowamynda geçirilýär.
Paç tölemek gijä galdyrylanda, duşdan geçirilen her bir aý üçin goşmaça paç tölenen şertlerinde, haýyşnamaça bellenen möhletiň tamamlanan senesinden alty aýdan ybarat bolan ýeňillikli möhlet berilýär. Oýlap tapyşy bellige almak goşmaça pajyň tölenendigi barada resminama alnandan soň bir aýyň dowamynda geçirilýär.
Bellenen we ýeňillikli möhletlerde paçlaryň tölenendigi barada resminama berilmedik halatynda, haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär we bu barada haýyşnamaça habar berilýär.
2. Bellige alnan oýlap tapyş üçin Türkmenpatent haýyşnamaça patent ýa-da çäklendirilen patent berýär we berlen patent ýa-da çäklendirilen patent baradaky maglumatlary Býulletende çap edýär.
Patent ýa-da çäklendirilen patent birnäçe şahsyň adyna soralýan ýagdaýynda, olaryň arasyndaky ylalaşykda başga şertleşikler bolmasa, haýyşnamada ady birinji görkezilen şahsa bir patent berilýär.
3. Oýlap tapyş üçin çäklendirilen patenti patente özgertmek hakyndaky ýazgy bellenilen pajyň tölenendigi hakyndaky resminama alnandan soň oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawyna we çäklendirilen patente girizilýär.
Pajyň tölenendigi hakyndaky resminamany bermegiň möhletlerine we patentiň özgerdilmegi hakyndaky ýazgyny oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawyna girizmegiň möhletlerine şu maddanyň birinji böleginiň talaplary degişlidir.
Bellenilen möhletlerde paçlaryň tölenendigi hakyndaky resminama berilmedik mahalynda patenti özgertmek geçirilmeýär.
4. Patent eýesiniň adynyň we (ýa-da) salgysynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly üýtgetmeler we bellige almaga degişli beýleki üýtgetmeler oýlap tapyşyň bellige alnyşyna girizilýär. Üýtgetmeleri bellige alnyşa girizmegiň kadalary Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.
5. Oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň sanawy, patentiň we çäklendirilen patentiň görnüşi we onda görkezilýän maglumatlaryň düzümi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.
27-nji madda. Patent ýa-da çäklendirilen patent hakyndaky maglumatlaryň çap edilmegi
1. Türkmenpatent oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda onuň bellige alnan senesinden alty aý möhletde patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky maglumatlary Býulletende çap edýär.
2. Awtor patent ýa-da çäklendirilen patent hakynda çap edilýän maglumatlarda öz adynyň tutulmagyndan ýüz döndermek hukugyna eýedir.
3. Çap edilýän maglumatlaryň düzümi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Türkmenpatent oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawyna girizilen ähli soňraky üýtgetmeleri Býulletende çap edýär:
1) patentiň eýesi hakyndaky maglumatlary üýtgetmek hakynda;
2) patente ýa-da çäklendirilen patente bolan hukuklary bermek hakynda;
3) çäklendirilen patenti patente özgertmek hakynda;
4) patenti ýa-da çäklendirilen patenti ýatyrmak hakynda;
5) patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketini bes etmek ýa-da dikeltmek hakynda we beýleki üýtgetmeler.
5. Eger-de haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilmese, ol hakyndaky ýa-da patent we çäklendirilen patent hakyndaky maglumatlar çap edilenden soň islendik şahs haýyşnamanyň resminamalary bilen tanyşmaga haklydyr.
Haýyşnamanyň resminamalary bilen tanyşmagyň tertibi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.
28-nji madda. Paçlar
1. Haýyşnama berilmegi, seljerme geçirilmegi, patent ýa-da çäklendirilen patent berilmegi, ony güýjünde saklamak bilen we haýyşnamalar we patentler ýa-da çäklendirilen patentler babatynda beýleki amallar bilen baglanyşykly hukuk ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylmagy üçin paçlar alynýar.
Eger-de Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalarynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, paçlar haýyşnamaçy, patent eýesi ýa-da islendik üçünji şahs tarapyndan tölenilýär.
Amala aşyrylmagy üçin paçlaryň alynýan hereketleriniň sanawy, olaryň möçberleri, tölemegiň we gaýtarmagyň möhletleri, tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Paç alynmagyndan gelip gowşan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
Bu serişdeleriň bir bölegi awtomatlaşdyrylan ulgamyň tehniki enjamlaşdyrylmagyny, döredilmegini we ulanylmagyny goşup, senagat eýeçiliginiň obýektlerini goramagyň döwlet ulgamyny ösdürmek, döwlet patent-maglumat binýadyny döretmek, zähmete hak tölemegi, işgärleriň taýýarlanylmagy we höweslendirilmegi, senagat eýeçiliginiň obýektleriniň goragy babatda Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gerek bolan gatançlary we beýleki tölegleri tölemek üçin peýdalanylýar.
VI BAP. PATENT WE ÇÄKLENDIRILEN PATENT ÜÇIN HUKUKLARYŇ BERLIŞI
29-njy madda. Patentiň we çäklendirilen patentiň başga birine berlişi
1. Patent ýa-da çäklendirilen patent hereket etmeginiň bütin möhletiniň içinde hukuklary bermegiň obýekti bolup biler. Patente ýa-da çäklendirilen patente esaslanan hukuk doly ýa-da bölekleýin berlip bilner.
2. Patente ýa-da çäklendirilen patente bolan hukuk erkin görnüşde düzülen we patent eýesi we hukuk oruntutar tarapyndan gol çekilen şertnama boýunça islendik gyzyklanýan şahsa berlip bilner.
30-njy madda. Oýlap tapyşy ulanmak üçin ygtyýarnama şertnamasy
1. Patent eýesi bolup durmaýan islendik şahs patentlenen oýlap tapyşy diňe ygtyýarnama şertnamasynyň esasynda ulanmaga haklydyr. Patent eýesi (ygtyýarnama beriji) ygtyýarnama şertnamasy boýunça şertnamada göz öňünde tutulan möçberde goralýan oýlap tapyşy ulanmaga bolan hukugy başga şahsa (ygtyýarnamala) bermäge borçlanýar. Ygtyýarnamaly şertnamada şertlendirilen tölegleri ygtyýarnama berijä tölemek we şertnamada göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmak borjuny öz üstüne alýar.
2. Aýratyn ygtyýarnamada kesgitlenilen çäklerde oýlap tapyşy peýdalanmaga bolan hukuk ygtyýarnamala berilmeýän böleginde ony peýdalanmaga bolan hukugy ygtyýarnama berijide saklap galmak bilen ygtyýarnamala berilýär.
Aýratyn däl ygtyýarnamada ygtyýarnama beriji oýlap tapyşy peýdalanmaga bolan hukugy ygtyýarnamala berip, patent ýa-da çäklendirilen patent bilen goralýan, şol sanda ygtyýarnamalaryň üçünji şahslara berilmegi üçin ähli hukuklary özünde saklaýar.
Doly ygtyýarnamada peýdalanmak hukugyny ygtyýarnama berijide saklap galmazdan we ygtyýarnamany başga şahslara bermezden oýlap tapyşy peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk ygtyýarnamala berilýär.
3. Eger-de ygtyýarnama şertnamasynda kömekçi ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik göz öňünde tutulsa, onda ygtyýarnamaly (kömekçi ygtyýarnama beriji) oýlap tapyşy peýdalanmak üçin aýratyn bolmadyk ygtyýarnamany bermek hakynda üçünji şahs (kömekçi ygtyýarnamaly) bilen kömekçi ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmaga haklydyr.
Eger ygtyýarnama şertnamasy bilen başga ýagdaý göz öňünde tutulmasa, kömekçi ygtyýarnamalynyň hereketleri üçin ygtyýarnama berijiniň öňündäki jogapkärçiligini ygtyýarnamaly çekýär.
4. Patent eýesi oýlap tapyşy peýdalanmak üçin hukugyň islendik şahsa berilmegi hakyndaky arzany (açyk ygtyýarnama) Türkmenpatente berip biler. Şu ýagdaýda patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň saklanylandygy üçin paçlaryň tölegi açyk ygtyýarnama hakyndaky maglumatlaryň Türkmenpatent tarapyndan çap edilen ýylyndan soň gelýän ýyldan 50 göterim peseldilýär. Görkezilen oýlap tapyşy peýdalanmak islegini mälim eden şahs patent eýesi bilen tölegler hakyndaky şertnamany baglaşmaga borçludyr.
Açyk ygtyýarnamada berilýän hukuklar aýratyn däl ygtyýarnamada berilýän hukuklaryň möçberinden ýokary geçip bilmez.
Açyk ygtyýarnama üçin hukugyň berilmegi hakynda patent eýesiniň arzasy yzyna alynmaga degişli däldir.
31-nji madda. Mejbury ygtyýarnama
1. Eger-de oýlap tapyş patent eýesi ýa-da onuň üçin hukuklaryň berlen şahslary tarapyndan patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berlen senesinden bäş ýylyň içinde peýdalanylmasa ýa-da ýeterlik peýdalanylmasa, onda oýlap tapyşy peýdalanmaga isleg bildirýän we ulanmaga taýýar islendik şahs, eger-de patent eýesi emele gelen degişli tejribäniň şertlerinde bu şahs bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmakdan ýüz dönderen ýagdaýynda, özüne görkezilen obýektiň ulanmak üçin aýratyn bolmadyk mejbury ygtyýarnamanyň berilmegi hakynda hak isleg bilen kazyýete ýüz tutmak hukugyna eýedir.
Eger patent eýesi oýlap tapyşyň peýdalanylmagynyň ýa-da ýeterlik däl peýdalanylmagynyň esasly sebäpler bilen şertlendirilendigini subut edip bilmese, onda kazyýet oýlap tapyşy peýdalanmagyň çäklerini, tölegleriň möçberini, möhletlerini we tertibini kesgitlemek bilen aýratyn bolmadyk mejbury ygtyýarnamany gyzyklanýan şahsa bermek hakynda çözgüt çykarýar. Tölegleriň möçberi emele gelen tejribä laýyklykda kesgitlenilen ygtyýarnamanyň bazar bahasyndan pes bolmadyk bahada bellenilmelidir.
2. Oýlap tapyşy emele gelen tejribä laýyk gelýän şertlerde ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyrýan beýleki bir patentiň ya-da çaklendirilen patentiň eýesiniň hukuklaryny bozmazdan ulanyp bilmeýän patent eýesi oýlap tapyşy ulanmak üçin özüne mejbury aýratyn däl ygtyýarnamanyň berilmegi barada talap arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaga haky bardyr. Kazyýet tarapyndan görkezilen ygtyýarnama berlende patenti ýa-da çäklendirilen patenti başga şahsa degişli bolan oýlap tapyşy peýdalanmagyň çäkleri, özüne mejbury ygtyýarnamanyň berilmegini talap edýän şahsa patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmak üçin gerek bolan möçberde, şeýle hem tölegleriň möçberi, möhletleri we tertibi kesgitlenilmelidir. Şunda tölegleriň möçberi emele gelen tejribä laýyklykda kesgitlenilen ygtyýarnamanyň bahasyndan pes bolmadyk bahada bellenilmelidir.
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti milli howpsuzlygyň bähbitlerinde, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda patent eýesiniň razylygy bolmazdan oňa ygtyýarnamanyň bazar bahasy bilen deňeşdirilýän öwez puluny tölemek bilen patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmaga rugsat bermek hukugyna eýedir.
32-nji madda. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti başga birine bermek baradaky şertnamanyň we ygtyýarnama şertnamasynyň bellige alynmagy
1. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti başga birine bermek baradaky şertnama we oýlap tapyşy ulanmak üçin ygtyýarnama şertnamasy Türkmenpatentde bellige alynmaga degişlidir. Şertnama oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawynda bellige alnan senesinden güýje girýär we bu barada maglumat Býulletende çap edilýär. Bellige alynmadyk şertnama hakyky däl diýlip hasap edilýär.
2. Bellige alnan ygtyýarnama şertnamasyna üýtgetmeler girizilip bilner. Üýtgetmeler hem Türkmenpatentde bellige alynmaga degişlidir.
3. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky şertnamany we ygtyýarnama şertnamasyny, şeýle hem ygtyýarnama şertnamasyna üýtgetmeler girizmegi bellige almagyň kadalary Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky şertnama, ygtyýarnama şertnamasy we ygtyýarnama şertnamasy boýunça üýtgetmeler bellenen paç tölenen şertinde gyzyklanýan taraplaryň islendiginiň arzasy boýunça Türkmenpatent tarapyndan bellige alynýar.
5. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän oýlap tapyş üçin ýewraziýa patentini bermek hakyndaky şertnama Ýewraziýa patent edarasynda bellige alynmaga degişlidir.
Türkmenistanyň çäginde hereket edýän oýlap tapyş üçin ýewraziýa patenti boýunça oýlap tapyşy ulanmak üçin ygtyýarnama şertnamasy Türkmenpatentde bellige alynmaga degişlidir we onuň bellige alnan senesinden güýje girýär. Degişli bellige almazdan oýlap tapyş üçin ýewraziýa patentini bermek hakyndaky şertnama we oýlap tapyş üçin ýewraziýa patenti boýunça oýlap tapyşy ulanmak üçin ygtyýarnama şertnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär.
VII BAP. PATENTIŇ ÝA-DA ÇÄKLENDIRILEN PATENTIŇ HEREKETINIŇ BES EDILMEGI WE DIKELDILIŞI
33-nji madda. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň jedelleşilmegi we onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi
1. Aşakdaky ýaly ýagdaýlarda islendik şahsyň nägileligi boýunça hereket ediş möhletiniň dowamynda patent ýa-da çäklendirilen patent jedelleşilip bilner we dolulygyna ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner:
1) bellige alnan oýlap tapyş şu Kanun bilen bellenilen patente ukyplylygyň şertlerine laýyk gelmese;
2) oýlap tapyşyň formulasynda haýyşnamanyň ilkibaşky materiallarynda ýok alamatlar bolanda;
3) patentde ýa-da çäklendirilen patentde oýlap tapyşyň awtory ýa-da patent eýesi nädogry görkezilende.
Garşylyga bellenilen pajyň tölenendigi hakyndaky resminama goşulmalydyr.
2. Şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda hakyky däl diýlip ykrar edilen patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketi haýyşnamanyň berlen senesinden bes edilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmeginiň garşysyna bolan garşylyklara olaryň gelip gowşan senesinden alty aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalýar. Apellýasiýa toparyny döretmegiň we işiniň tertibi şu Kanunyň 37-nji maddasy bilen düzgünleşdirilýär.
Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmeginiň garşysyna bolan garşylyklara kazyýet tarapyndan garalýar.
Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmeginiň garşysyna bolan garşylyk boýunça Apellýasiýa toparynyň çözgüdi bilen razy bolunmadyk mahalynda taraplaryň islendigi çözgüdiň tassyklanan senesinden alty aý möhletde ony kazyýetde jedelleşip biler.
4. Apellýasiýa toparynyň çözgüdiniň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilen patent ýa-da çäklendirilen patent ýatyrylýar. Patent ýa-da çäklendirilen patent bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilende oýlap tapyşyň täze formulasy bilen täze patent ýa-da çäklendirilen patent berilýär.
Türkmenpatent doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilen patentler ýa-da çäklendirilen patentler hakyndaky maglumatlary Býulletende çap edýär.
5. Oýlap tapyş üçin ýewraziýa patentiniň jedelleşilmegi we Ýewraziýa patent konwensiýasynyň 13-nji maddasynda göz öňünde tutulan onuň Türkmenistanyň çäginde hakyky däl diýlip ykrar edilmegi şu maddanyň birinji-dördünji bölekleriniň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
34-nji madda. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi
1. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketi möhletinden öň bes edilýär:
1) patent eýesi tarapyndan Türkmenpatente berlen arzanyň esasynda — arzanyň gelip gowşan senesinden. Eger-de patent ýa-da çäklendirilen patent oýlap tapyşlaryň toparyna berlen ýagdaýynda, patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketi diňe arzada görkezilen oýlap tapyşlar babatda bes edilýär;
2) patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň güýjünde saklanylmagy üçin pajyň tölenilmedik ýagdaýynda — bellenilen möhletiň gutaran senesinden.
2. Türkmenpatent hereketi möhletinden öň bes edilen patent ýa-da çäklendirilen patent hakynda maglumatlary Býulletende çap edýär.
35-nji madda. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň dikeldilmegi
1. Onuň güýjünde saklanylmagy üçin pajyň tölenmezligi bilen baglanyşykly bes edilen patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketi patent eýesiniň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner. Towakganama patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň bes edilen senesinden üç ýylyň içinde Türkmenpatente berilýär. Towakganama patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň dikeldilmegi üçin pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama goşulýar.
Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň bes edilen senesinden üç ýyl geçenden soň patent ýa-da çäklendirilen patent dikeldilmäge degişli däldir.
2. Türkmenpatent patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň dikeldilendigi hakyndaky maglumatlary oýlap tapyşlaryň Döwlet sanawyna girizýär we Býulletende çap edýär.
36-njy madda. Soňundan ulanmak hukugy
1. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň bes edilen senesi bilen patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň hereketiniň dikeldilendigi hakynda maglumatlaryň Býulletende çap edilen senesiniň aralygyndaky döwürde oýlap tapyşy peýdalanmaga başlan ýa-da görkezilen döwürde munuň üçin zerur taýýarlygy eden şahs, şeýle peýdalanmagyň möçberini giňeltmezden ony mundan beýläk peýdalanmaga bolan hukugy saklap galýar.
2. Soňundan ulanmak hukugy diňe oýlap tapyşyň ulanylýan ýerindäki önümçilik ýa-da oňa meňzeş çözgüt bilen bilelikde başga şahsa berlip bilner ýa-da muňa zerur bolan taýýarlyklar edilip bilner.
VIII BAP. AWTORLARYŇ, HAÝYŞNAMAÇYLARYŇ WE PATENT EÝELERINIŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGY
37-nji madda. Apellýasiýa topary
1. Apellýasiýa topary şahslaryň aşakdaky garşylyklaryna garamaga doly ygtyýarlydyr:
1) oýlap tapyş üçin haýyşnama boýunça seljermäniň çözgüdine;
2) patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakyndaky şertnamany we patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmak üçin ygtyýarnama şertnamasyny bellige almak hakynda seljermäniň çözgüdine;
3) patenti ýa-da çäklendirilen patenti şu Kanunyň 33-nji maddasyna laýyklykda hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda;
4) patent ynamdarlygyna dalaşgäriň hünär synagy we (ýa-da) ony hünär synagyna goýbermek boýunça hünär synagy toparynyň çözgüdine.
2. Apellýasiýa topary hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Haýyşnamaçy degişli paç tölenen şertinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan garşylygy Apellýasiýa toparyna bermäge haklydyr.
Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan garşylyklar olaryň alnan senesinden dört aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.
Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan garşylyk onuň alnan senesinden alty aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.
Garşylyga garamak möhleti garşylygy beren şahsyň, şeýle hem patent eýesiniň towakganamasy boýunça uzaldylyp bilner, ýöne işe garamak üçin ilkibaşky bellenen senäniň gutaran gününden başlap alty aýdan köp bolmaly däldir.
4. Apellýasiýa toparynyň çözgüdine gaýtadan seretmek hakyndaky towakganama onuň alnan senesinden bir aýyň içinde gyzyklanýan taraplaryň islendigi tarapyndan Apellýasiýa toparynyň başlygynyň adyna berlip bilner.
Gyzyklanýan taraplaryň islendigi kazyýetde Apellýasiýa toparynyň çözgüdine onuň tassyklanan senesinden kyrk bäş günüň içinde şikaýat edip biler.
38-nji madda. Jedellere kazyýet tertibinde garalyşy
Kazyýetler şu Kanuny ulanmak bilen baglanyşykly jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde garaýarlar, şol sanda:
1) oýlap tapyş üçin awtorlyk hakynda;
2) patent eýesini anyklamak hakynda;
3) patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakynda;
4) mejbury ygtyýarnamany bermek hakynda;
5) patent eýesiniň oýlap tapyşa bolan aýratyn hukugynyň we beýleki emläk hukuklarynyň bozulmagy hakynda;
6) patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek hakynda şertnamalary we patentlenen oýlap tapyşy peýdalanmaga bolan ygtyýarnama şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek hakynda;
7) oýlap tapyşyň wagtlaýyn goragy döwründe ony peýdalanmak üçin öwez pulunyň möçberleri hakynda;
8) öňünden ulanmak hukugy hakynda;
9) soňundan ulanmak hukugy hakynda;
10) şu Kanuna laýyklykda iş beriji tarapyndan oýlap tapyşyň awtoryna töleg tölemegiň möçberi, möhleti we tertibi hakynda;
11) şu Kanunda göz öňünde tutulan öwez pullaryny tölemegiň möçberi, möhleti we tertibi hakynda;
12) patent eýeleriniň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly beýleki jedeller.
39-njy madda. Oýlap tapyşyň bikanun peýdalanylandygy üçin jogapkärçilik
1. Şu Kanunyň düzgünlerini bozmak bilen patentlenen oýlap tapyşy peýdalanýan islendik şahs patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy diýlip hasap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
2. Patentlenen oýlap tapyşy bikanun ulanýan şahs patent eýesiniň talap etmegi ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça aşakdakylara borçludyr:
1) patent eýesiniň hukuklaryny ykrar etmäge;
2) patent eýesiniň hukuklaryny bozýan hereketleri bes etmäge;
3) elden giderilen peýdany goşup, ýitgileriň öwezini dolmaga ýa-da öwez puluny tölemäge. Öwez pulunyň möçberi kazyýetiň çözgüdi ýa-da taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär;
4) ahlak zyýanynyň öwezini dolmaga;
5) patent eýesiniň işewürlik abraýyny dikeltmek maksady bilen kazyýet çözgüdini çap etmäge.
Kazyýet bikanun harytlary muzdsuz almak hakynda çözgüt çykarmaga haklydyr.
3. Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy hakyndaky hak isleg haçanda patent eýesiniň öz hukugynyň bozulandygy hakynda bilen ýa-da bilmeli bolan gününden üç ýylyň içinde bildirilip bilner.
Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulandygy hakynda hak isleg patent eýesi tarapyndan bildirilýär.
Patent eýesiniň hukuklarynyň bozulmagy hakynda talap arza, eger ygtyýarnama şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmasa, aýratyn ygtyýarnamanyň eýesi tarapyndan ýa-da eger bu ygtyýarnama şertnamasy tarapyndan göz öňünde tutulsa, aýratyn bolmadyk ygtyýarnamanyň eýesi tarapyndan hem berlip bilner.
IX BAP. HALKARA HYZMATDAŞLYGY
40-njy madda. Oýlap tapyşlaryň daşary ýurt döwletlerinde we (ýa-da) halkara guramalarynda patentlenilmegi
1. Türkmenistanda döredilen oýlap tapyş üçin haýyşnama Türkmenpatente degişli haýyşnamanyň berlen senesinden dört aý geçenden soň, eger görkezilen döwürde haýyşnamaça haýyşnamada döwlet syryny düzýän maglumatlaryň saklanýandygy hakynda habar berilmese, daşary ýurt döwletlerine ýa-da halkara guramasyna berlip bilner.
2. Eger Türkmenistanda döredilen oýlap tapyş üçin halkara haýyşnamasy alyjy edara hökmünde Türkmenpatente berilse, degişli haýyşnamany Türkmenpatente deslapdan bermezden halkara haýyşnamasynyň berilmegine ýol berilýär.
Eger oýlap tapyş üçin Türkmenistanda döredilen ýewraziýa patenti Türkmenpatentiň üsti bilen berilse, degişli haýyşnamany Türkmenpatente deslapdan bermezden ýewraziýa haýyşnamasynyň berilmegine ýol berilýär.
3. Daşary ýurt döwletlerinde we halkara guramalarynda oýlap tapyşy patentlemek bilen baglanyşykly çykdajylary haýyşnamaçy ýa-da onuň bilen ylalaşmak boýunça başga şahs çekýär.
41-nji madda. Oýlap tapyş üçin halkara haýyşnamasyna garalyşy
1. Eger gorag resminamasynyň berilmegi hakynda haýyşnama halkara haýyşnamasynyň ilkinjilik senesinden otuz bir aýyň geçmegine çenli Türkmenpatente berilse, oýlap tapyş üçin halkara haýyşnamasyny bermek senesi bellenilen oýlap tapyş üçin halkara haýyşnamasy halkara haýyşnamasyny bermek senesinden dogry resmileşdirilen milli haýyşnamanyň güýjüne eýedir, ol haýyşnamany Türkmenistanda bermegiň hakyky senesi hökmünde garalýar.
Türkmenpatent soralýan ilkinjiligiň senesinden otuz bir aý geçenden soň ýa-da haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça görkezilen möhletiň gutarmagyna çenli halkara haýyşnamasyna garap başlaýar.
2. Haýyşnamanyň halkara basgançakdan milli basgançaga geçmegi üçin duşdan geçirilen möhlet degişli paç tölenen şertinde bellenilen möhletiň gutaran senesinden üç aýyň içinde haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner.
3. Türkmenpatent tarapyndan halkara haýyşnamasyna garamak şu Kanunyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Oýlap tapyş üçin haýyşnamanyň resminamalaryna üýtgetmeler girizmek üçin şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji bölegi bilen bellenilen möhlet şu maddanyň birinji böleginiň ikinji tesimine laýyklykda halkara haýyşnamasyna garamaga başlamagyň senesinden hasaplanylýar.
42-nji madda. Patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň ýewraziýa haýyşnamasy esasynda berlişi
1. Patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek Ýewraziýa patent konwensiýasyna laýyklykda özgerdilen ýewraziýa haýyşnamasynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.
Şeýle haýyşnama ýewraziýa haýyşnamasy ýaly şol berlen sene we ilkinjilik senesi bilen Türkmenpatente berlen, şu Kanuna laýyklykda oýlap tapyş üçin dogry resmileşdirilen, milli haýyşnama diýlip hasap edilýär.
Haýyşnama garamak haýyşnamaçy tarapyndan haýyşnamanyň berilmegi üçin bellenilen pajyň Türkmenpatente tölenen şertinde ýewraziýa haýyşnamasynyň tassyklanan nusgasynyň Türkmenpatent tarapyndan alnan senesinden başlap amala aşyrylýar.
2. Eger ol boýunça berlen ýewraziýa patenti onuň Türkmenistanyň çäginde güýjünde saklanylandygy üçin pajyň tölenmändigi zerarly öz hereketini möhletinden öň bes etse, patenti ýa-da çäklendirilen patenti bermek ýewraziýa haýyşnamasynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.
Şeýle ýewraziýa patentiniň eýesi ýewraziýa haýyşnamasynyň berlen senesinden bäş ýylyň içinde ýa-da ýewraziýa patentiniň hereketiniň bes edilen senesinden üç ýylyň içinde, haýsy senäniň giç gelip ýetendigine baglylykda ýigrimi ýyl hereket ediş möhleti bilen patentiň ýa-da çäklendirilen patentiň berilmegi hakynda Türkmenpatentiň öňünde towakga etmäge haklydyr.
Şeýle patentiň berilmegi hakyndaky towakganama arza, ýewraziýa patentiniň nusgasy, degişli pajyň tölenendigi hakyndaky resminama, şeýle hem eger oýlap tapyş üçin haýyşnama eýesiniň wekili tarapyndan berilse, ynanç haty goşulmalydyr.
Patentiň berilmegi hakyndaky goşulan resminamalar bilen berlen towakganama şu Kanunyň 23-nji maddasynyň ikinji böleginiň düzgünlerine laýyklykda garalýar.
43-nji madda. Daşary ýurtly şahslaryň hukuklary
1. Daşary ýurtly şahslar Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna laýyklykda ýa-da özaralylyk ýörelgesiniň esasynda Türkmenistanyň beýleki şahslary bilen bir hatarda şu Kanun bilen göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýarlar.
2. Eger Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary bilen başga tertip göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşynda ýaşaýan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenpatent bilen gatnaşyklarda öz hukuklaryny Türkmenpatentde bellige alnan patent ynamdarlarynyň üsti bilen durmuşa geçirýärler.
44-nji madda. Gümrük gözegçiligi
Türkmenistanda goralýan patentleri ýa-da çäklendirilen patentleri peýdalanmak üçin patent eýeleriniň ýa-da aýratyn ygtyýarnama eýeleriniň hukuklaryny goramak babatda gümrük gözegçiligi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
45-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilýänçä, olar şu Kanuna ters gelmeýändigine görä ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji noýabry.